Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary Arkalaşyga agza ýurtlarda ilat ýazuwynyň 2030-njy ýyl tapgyryny geçirmek baradaky karary kabul etdiler. Degişli resminama 9-njy oktýabrda Türkmenistanda geçirilen sammitiň dowamynda kabul edildi. Karara laýyklykda, agza döwletlerde nobatdaky ilat ýazuwy 2030-njy ýyla mümkin boldugyça ýakyn möhletlerde geçiriler. Arkalaşyga agza ýurtlaryň hökümetlerine 2030-njy ýyl tapgyry üçin Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň bütindünýä ýazuwy maksatnamasyny goldamak maksady bilen zerur çäreleri görmek tabşyryldy. GDA-a agza döwletleriň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşine 2027-nji ýylda durmuş-ykdysady we migrasiýa görkezijileriniň sanawyny ylalaşmak hem-de tassyklamak tabşyryldy. Arkalaşygyň sebitinde esasy netijeleri ýurtlaryň arasynda deňeşdirmäge mümkinçilik döretmek maksady bilen, bu görkezijiler milli ilat ýazuwlarynyň maksatnamalaryna girizilmelidir. Ýatladyp geçsek, BMG-niň başlangyjy bilen geçirilýän ilat ýazuwynyň nobatdaky onýyllyk tapgyry (2020-nji ýyl tapgyry) 2024-nji ýylda tamamlandy. GDA ýurtlarynyň 10-synyň 9-synda milli ilat ýazuwy geçirildi. Umuman, ilat ýazuwynyň çäklerinde 215 million adam hasaba alyndy. Bu bolsa Arkalaşygyň ilatynyň takmynan 85 göterimine deňdir. 2025-nji ýylda BMG 2030-njy ýyl üçin Bütindünýä ilat ýazuwy maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça esasy resminamalary tassyklady. Netijeleriň özara deňeşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen, GDA-nyň Statistika komiteti milli statistika gulluklary bilen geçirilen maslahatlaşmalaryň netijesinde 2020-nji ýyl tapgyrynda ulanylan tejribäni gaýtadan peýdalanmagy teklip etdi. Bu tejribe döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli karary kabul etmegini, migrasiýany we işçi güýjüni sazlaşykly ölçemek üçin görkezijileriň sanawyny taýýarlamagy, degişli soraglary ilat ýazuwynyň sowalnamalaryna girizmek boýunça usulyýet maslahatlaryny işläp düzmegi, şeýle hem döwletleriň arasynda maglumat alyşmak üçin tablisalaryň nusgalaryny taýýarlamagy öz içine alýar.