Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Arçman» şypahanasynda 400 orunlyk täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda ýerleşýän meşhur şypahana Garaşsyzlyk ýyllarynda düýpli özgerişlere eýe boldy. Täze binalaryň ulanmaga berilmeginiň netijesinde, ol tutuş ýylyň dowamynda näsaglary kabul etmäge mümkinçilik berýän döwrebap şypahana-sagaldyş merkezine öwrüldi. Şypahananyň täze toplumy halkara ülňülerine laýyk gelýän innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Sebitiň özboluşly tebigaty, arassa, jana şypaly dag howasy adamlaryň saglygyny dikeltmek we dürli kesellerden saplanmak üçin iň amatly şertleri döredýär. Şypahananyň esasy bejeriş serişdesi onuň mineral suwydyr. Suwuň düzümindäki kükürtli wodorodyň mukdary ony bejeriş maksatly içilýän suwlaryň hataryna goşmaga mümkinçilik berýär. Bu suwy hem içmek, hem-de balneologik bejeriş amallaryny geçirmek üçin ulanmak bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→