Täjigistanyň paýtagtynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döredilmeginiň 25 ýyllygyna gabatlanyp, 19-20-njy oktýabrda «ŞHG-da ulag we logistika» halkara sergisi geçiriler. Bu barada «belta.by» habar berdi. Täjigistanyň Söwda-senagat palatasynda habar berişleri ýaly, bu sergi agza döwletleriň ulag, logistika, awtoulag gurluşygy pudaklaryndaky kuwwatyny görkezmek, ulag infrastrukturasyny we häzirki zaman logistika tehnologiýalaryny ösdürmek üçin täsirli meýdança bolup durýar. Serginiň çäklerinde ŞHG-niň Işewürlik geňeşiniň iş toparynyň logistika, ulag we oba hojalyk pudaklary boýunça mejlisi geçiriler. Sergä gatnaşmak üçin gurama agza döwletleriň, hyzmatdaş ýurtlaryň we synçy döwletleriň kompaniýalary çagyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→