Russiýalylaryň onusyndan sekizisi ýurduň Prezidenti Wladimir Putini dünýäniň iň täsirli liderleriniň biri hasaplaýar. Bu barada Jemgyýetçilik pikirini öwrenmek boýunça bütinrussiýa merkeziniň (WSIOM) pikirsoralyşygynyň jemlerine salgylanýan «regnum.ru» neşiri habar berdi. Ýagny pikiri soraşylanlaryň 80 göterimi şeýle pikir edýärler, bu pikire garşylaryň sany 17 göterimi düzdi. Olaryň ýene 71 göterimi Putiniň Prezidentlik edýän ýyllarynda Russiýa has-da güýçlendi hem-de özüni has ynamly duýýar. Gatnaşanlaryň 69 göterimi döwlet Baştutanynyň syýasatynyň dünýäde Russiýanyň abraýyny artdyrandygyny bellediler. Pikiri soraşylanlaryň 68 göterimi Putiniň baştutanlygynda Russiýanyň ähli kynçylyklary ýeňip geçjekdigine ynanýarlar. Merkeziň pikir soralyşygy ýurduň Prezidentiniň doglan gününe gabatlandy, 7-nji oktýabrda Wladimir Putiniň 74 ýaşy doldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→