«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işine başlady. Guramanyň ýubileý ýylynda gurama gatnaşyjy döwletleriň ýolbaşçylary köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelerini jemlemek we geljekki ugurlary kesgitlemek üçin bir ýere jemlendiler diýip, Halkara habarlar habarlar merkezi hаbar berýär. Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşyjylary Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady hem-de Arkalaşygyň ähli döwletleriniň ýolbaşçylaryna we halklaryna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda GDA syýasy dialog, ykdysady gatnaşyklary we ynsanperwerlik hyzmatdaşlygy üçin isleg bildirilýän meýdança hökmünde özüniň netijeliligini subut etdi. Ýüze çykan obýektiw kynçylyklara garamazdan, deňhukuklylyga, özara hormat goýmaga we birek-biregiň bähbitlerini nazara almaga esaslanýan berk hyzmatdaşlyk binýadyny saklap galmak başartdy. Serdar Berdimuhamedow jemi haryt dolanyşygynyň durnukly oňyn depginini we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli giňelýändigini belledi. Ol parlamentara gatnaşyklary berkitmäge, medeni-ynnsanperwer alyş-çalyşlara, şeýle hem ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýändigini nygtady. Prezident GDA formatyndaky köptaraplaýyn dialogyň halklaryň arasyndaky ynamy we özara düýşünmegi berkitmäge ýardam edýändigini hem-de arkalaşygyň halkara meýdançadaly abraýyny ýokarlandyrýandygyny aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→