Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew penşenbe güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda bu ýurtlaryň Hökümetlerine sebitiçi söwdanyň möçberini 20 milliard dollara ýetirmek boýunça hereketleriň bilelikdäki maksatnamasyny işläp düzmegi teklip etdi. Bu barada «INTERFAX.RU» habar berdi. Senagatda, maşyngurluşykda, energetikada, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda bilelikdäki kärhanalaryň sanynyň artýandygyny, işewürlik gatnaşyklaryň geriminiň giňelýändigini hem-de iri taslamalaryň amala aşyrylýandygyny bellän Tokaýew içerki bazaryň mümkinçilikleriniň heniz doly ulanylmaýandygy aýtdy. «Geçen ýylda sebitiçi söwdanyň möçberi 13 milliard dollara deň boldy, bu biziň döwletlerimiziň umumy haryt dolanyşygynyň 8 göterimine golaýdyr. Şonuň üçin bu görkezijini iň bolmanda 20 milliard dollara ýetirmek we özara söwdany yzygiderli artdyrmak barada Hökümetlere hereketleriň bilelikdäki maksatnamasyny işläp düzmegi hem-de kabul etmegi teklip edýärin» diýip, gazak lideri sözüniň üstüni ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→