2026-njy ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragy kanadaly zenan ýazyjy Enn Karsona gowşuryldy. Bu barada Stokgolmdaky Nobel geňeşi yglan etdi. Geňeşiň sözlerine görä, baýrak ýazyja «nusgawy däpler bilen birlikde batyrgaý hem-de täzelikçi eserleri arkaly häzirki zaman edebiýatynda täze görnüşleri döredendigi üçin» gowşuryldy. Enn Karson şygyr ýazmaklygy terjimeçilik işi bilen utgaşdyryp, dürli uniwersitetlerde sapak berdi. Onuň ähli eserleri diýen ýaly «dilçiniň sözlere çäksiz söýgüsinden we şahyryň täze manylara ymtylyşyndan hasyl bolandyr. Ol sözleriň gelip çykyşyny öz döredijiligi üçin başlangyç nokat diýip atlandyrýardy» diýlip, geňeşiň bahalandyrmasynda bellenýär. Karsonyň işleriniň arasyndan geňeş «Ajy-süýji eros» essesini, «Ýitginiň ykdysadyýeti», «Gyzylyň terjimehaly» eserlerini hem-de «Noks» poemasyny saýlap aldy. Karson iňlis dilinde ýazýan şahyr, esseçi, terjimeçi. Ol 1950-nji ýylda doguldy. Nusgawy filologiýa boýunça hünärmen we professor, Kanadanyň, ABŞ-nyň köp uniwersitetlerinde sapak berdi. 20-den gowrak eseri we terjimeleri neşir edildi. Birnäçe baýraklara mynasyp boldy. Goşgulary hem-de esseleri fransuz, ispan, katalan, italýan, polýak we rus dillerine terjime edildi.