Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitine gatnaşmagy goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary giňeltmek üçin mümkinçilik hasaplaýar. Bu barada TASS ýazýar. «Bu biziň goňşularymyz bilen gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir» diýip, Eýranyň Prezidenti Türkmenistana uçmazyndan öň nygtady. Pezeşkianyň «Nour News» agentligi tarapyndan getirilýän sözünde «degişli ministrleriň eýýäm Türkmenistandadygy we bilelikdäki geňeşiň çäklerinde gepleşikleri alyp barýandyklary» bellenýär. 6-njy oktýabrda Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow GDA-nyň taryhynda ilkinji gezek Eýranyň Prezidentiniň giňişleýin düzümdäki sammite çagyrylandygyny we ekologiýa sammitine gatnaşjakdygyny habar beripdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→