8-nji oktýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian birnäçe möhüm çärä gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Olaryň hatarynda birinji Hazar ekologiýa sammiti hem bar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. Ýatladyp geçsek, şu gün Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler. Habarda bellenilişi ýaly, bu mejlis ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite myhman hökmünde gatnaşmagynda geçiriler — diýlip çeşmede bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→