Aşgabat şäherindäki «Sungat» galereýasynda «Watanymyň ýaňy» atly toparlaýyn fotosuratlaryň sergisi guraldy. Sergide ýurduň fotosuratçylary Ahmet Hallyýew, Hasan Magadow, Hoşgeldi Garajaýew, Mekan Çaryýew, Igor Lomow, Erkin Ýazow we Silap Pälwanow öz işlerini köpçülige hödürlediler. Halkara habarlar merkeziniň berýän maglumatlaryna görä, sergi žanrlarynyň köpdürlüligi bilen ünsi çekýär. Bu ýerde tomaşaçylar meşhur alabaýlary we ýyndam ahalteke bedewlerini, Aşgabadyň belentden görünýän ajaýyp binagärlik keşbini, şeýle hem Türkmenistanyň iň uzak künjekleriniň fotosuratlarda şekillendirilen gözel görnüşlerini synlap bilerler. Olaryň hatarynda Garagum çölündäki Derweze gaz krateriniň, stalaktit gowaklarynyň we ýyldyzlardan doly asman astyndaky Garrygalanyň görnüşleri hem bar. Sergide Ahmet Hallyýewiň «Startrek» atly fotosuraty hem görkezilýär. Bu eser dünýäniň 94 ýurdundan gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda geçirilen abraýly halkara bäsleşiginde dünýäniň iň gowy 10 fotosuratlarynyň hataryna giripdi. Serginiň aýratyn orunlarynyň birini häzirki zaman adamlarynyň özboluşly portretleri eýeleýär. Bu işler adamlaryň häsiýetini we içki dünýäsini inçelik bilen açyp görkezýär. Şeýle hem sergide milli zergärçilik sungatyna we däp bolan halk lybaslaryna bagyşlanan fotosuratlar ýerleşdirilipdir. Bu sergi paýtagtyň medeni durmuşynda ähmiýetli waka öwrülip, fotosuratlary düşürýän sungat ussatlarynyň zehininiň köpugurlydygyny aýdyň görkezdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→