Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awazada Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyplygyny nygtady diýlip, 1lurer.am saýtynda habar berilýär. Nikol Paşinýan mähirli garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we Ermenistanyň Hökümetiniň hem syýasy, hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi. Söhbetdeşler türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň gün tertibiniň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ozal habar berşimiz ýaly, Nikol Paşinýan Awazadaky ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geldi.