«IndiG» hindi awiakompaniýasynyň Patna şäherinden Laknauwa uçuşy amala aşyrýan ýolagçy uçarynyň burun bölegine ýyldyrym urdy. Bu barada «Times of India» gazetine salgylanýan «rg.ru» habar berdi. Waka çarşenbe güni uçar Çaudharu Çaran Singh halkara howa menziline gonmakçy bolanda boldy. «Uçuş wagty ýeten zeperden bihabar uçarmanlar uçary sag-aman gondurdylar, ýolagçylaryň 104-si, ekipažyň alty agzasy hiç hili şikes almady» diýip, neşir ýazýar. Soňra howa gämisiniň burun bölegindäki howa radaryny goramak üçin niýetlenen gurluşda göze görnüp duran zeper ýetme anyklandy. Neşiriň çap eden fotosuratynda uçaryň burnunyň mazaly ýemşerilendigi görünýär. Howply waka garamazdan, uçar meýilleşdirilen wagtyndan sekiz minut öň menzilde gondy diýip, gazet ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 16 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→