Hindi we marathi dilli filmlerde surata düşen hindi aktýory Nana Patekar 75 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada onuň ýerleşdirilen «Manipal Hospital» hassahanasyna salgylanýan TASS agentligi habar berdi. Aktýoryň döşündäki agyrydan nägilelik bildirendigi, Goadaky öýünde huşsuz ýagdaýda tapylandygy habarda bellenýär. Hassahana eltilende, lukmanlar 45 minutlap ony özüne getirmek üçin yhlas etseler-de, netije bermedi. Patekaryň ölüminiň deslaply sebäbi ýüregagyrysynyň tutmagy hasaplanýar. Nana Patekar ýüzlerçe çeper filmde baş we ikinji keşpleri ýerine ýetirdi. Esasy filmleriniň hatarynda «Ýoldaşlar», «Jentelmeniň arzuwy», «Hoş geldiňiz», «Hakyň guly Mustapa» we beýlekiler görkezilýär. Ol üç gezek Hindistanyň Milli kinobaýragynyň eýesi boldy. 2013-nji ýylda sungata we kinematografa goşan goşandy üçin ýurduň raýatlaryna gowşurylýan iň ýokary Padma Şri döwlet baýragy bilen sylaglandy. Ýurduň Hökümet başlygy Narendra Modi aktýoryň aradan çykmagy bilen baglylykda gynanç bildirdi. Modi Patekaryň köp nesilleriň hakydasynda galjak keşpleri döredendigini, onuň hindi we marathi kinosyna goşandynyň uludygyny belledi.