8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Awazada» Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana, şol sanda Garabaga amala aşyran saparlaryny, şeýle hem Ilham Aliýewiň Türkmenistana bolan saparlaryny kanagatlanma bilen bellediler. Bu saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça geçen ýyldan bäri iki ýurduň arasynda ýokary derejede bäş saparyň amala aşyrylandygy bellenildi. Munuň özi işjeň syýasy dialogyň we özara gatnaşyklaryň depginli ösüşiniň aýdyň görkezijisidir. Taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda depginli ösýändigini bellediler. Syýasy, ykdysady, ulag, üstaşyr geçelge, logistika, medeni we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem Hazar deňzi we halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutanlarynyň 8-nji konsultatiw duşuşygynyň Azerbaýjan bilen sebit ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, sebit hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek we özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy. Ilham Aliýew çäräniň ýokary derejede guralandygyny belledi. Azerbaýjanyň geçen ýylyň noýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň formatyna doly hukukly gatnaşyjy hökmünde kabul edilendigini ýatladyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen bu başlangyjyň biragyzdan goldanylmagy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→