Samuel Langhorne Clemens ýagny Mark Tweýn lakamy bilen has meşhur, amerikan ýumoristi , satirik , romançy, ýazyjy we mugallymdy.Samuel Langhorne Klemens 1835-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Missuri, Florida ştatynda dünýä inýär. Ol meşhur çagalar romany bolan " Tom Soýeriň başdan geçirmeleri "-niň awtorydyr . Onuň başga bir meşhur eseri bolan "Geklberri Finniň başdan geçirmeleri" käbir edebiýat tankytçylary tarapyndan amerikan edebiýatynyň ilkinji beýik eseri hasaplanýar. Ol öz eserlerinde gülkiniň gözelligini we gulçulygyň nähili elhençdigini görkezmäge synanyşdy we "iki sažen çuňlukda" diýmegi aňladýan deňizçilik termini bolan Mark Tweýn lakamy bilen 30 kitap neşir etdi. Ýazuw maşynyny ilkinji satyn alan adamlaryň biri bolan Mark Tweýn, ýazuw maşynynda ýazan ilkinji romançy hasaplanýar , emma onuň eserleriniň haýsysynyň ( Tom Soýer ýa-da Missisipide durmuş ) ýazuw maşynynda ýazylan ilkinji romandygy barada pikir alyşmalar bar. Onuň William Din Howells , Buker T. Waşington , Nikola Tesla , Helen Keller we Genri Hattleston Rogers ýaly köp meşhur dostlary bardy . Onuň dosty William Folkner Tweýni: " Ol ilkinji hakyky amerikan ýazyjysy we biziň hemmämiz onuň mirasdüşerleri " diýip hormatlady. Çagalyk ýyllary. Ol 1835-nji ýylyň 30-njy noýabrynda ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Florida şäherinde dünýä indi . Ol ýedi çaganyň altynjysy we diri galan üç doganyň biridi. Ol dört ýaşyndaka maşgalasy Missisipi derýasynyň kenaryndaky Hannibal şäherine göçdi . Onuň meşhur romanlary bu sebitdäki synlaryna esaslanýar. Ol on bir ýaşynda söwdagär we aklawçy bolan kakasyny pnewmoniýa sebäpli ýitirenden soň, mekdebi taşlap, çaphanada şägirt bolup işläp başlady. Ýaşlyk ýyllary. Dünýäni öwrenmek islegi bilen on sekiz ýaşynda ol ABŞ-nyň dürli ştatlaryna syýahat edip başlady we ýolda birnäçe çaphanada işledi. Dört ýyl soň, Missuri ştatyna gaýdyp geleninden soň, ol Missisipi derýasynyň boýundaky parohodlarda kapitan bolmagy arzuw etdi. Ol kapitanyň synaglaryna taýýarlanmak üçin okady; derýanyň her bir künjegini öwrenmek üçin oňa iki ýyl gerek boldy. Ol şeýle gowy öwrenen bu ýerler onuň romanlary üçin esas döretdi. Bu işde oňa dogany Genri kömek etdi. Bir gije ol doganynyň gämisiniň ýanyp, ölýändigini düýşünde gördü we bu waka 1858-nji ýylda onuň düýşünde bolşy ýaly boldy. Bu oňa çuňňur täsir etdi. Ol doganynyň ölümi üçin bölekleýin jogapkär duýdy we bu wakadan soň parapsihologiýa bilen gyzyklanyp başlady. Ol 24 ýaşynda kapitanlyk şahadatnamasyny aldy we Amerikadaky raýat urşy başlanýança we derýa syýahatlary gadagan edilýänçä derýada kapitan bolup işledi. Ol urşa meýletinçi boldy, ýöne 14 günlük harby tälimden soň, goşundan çykyp , gubernator bolan uly dogany Orionyň ýanyna Newada gitdi . Agasy bilen birnäçe wagtlap arabada sebitde aýlanyp, baýamagy arzuw edip, magdançylykda öz güýjüni synap gördü. Magdançylyk işi şowsuz boldy. Ol dürli ştatlara syýahat edip, syýahat ýazgylaryny we makalalaryny ýazdy. Onuň Mark Tweýn ady bilen ýazylan ilkinji makalasy "Karsondan hat " boldy. Mark Tweýn Missisipi gämilerinde ulanylýan lakam bolup, "iki sažen çuňlukda" diýmegi aňladýar. Ol edebi taýdan ilkinji gezek 1865-nji ýylyň 18-nji noýabrynda “Nýu-Ýork Şenbe Press” gazetinde çap edilen “ Klarawasda bökýän gurbaganyň baýramy” atly hekaýasy bilen çykyş etdi. Ol magdan düşelgesinde magdançylardan eşiden ýerli hekaýany täzeden gürrüň bermek bilen şöhrat gazandy. Şeýle hem, ol bu hekaýany 1867-nji ýylda çap edilen ilkinji kitabyna goşdy. Onuň iň meşhur romanlarynyň ýazylyşy. Onuň 1875-nji ýylda neşir edilen we Missisipidäki betnebis ýetim oglanyň başdan geçiren wakalaryny gürrüň berýän " Tom Soýeriň başdan geçirmeleri" atly romany örän meşhur boldy. 1878-nji ýylda ol neşirýat bilen Ýewropa barada kitap ýazmak üçin şertnama baglaşdy we maşgalasy bilen Ýewropa syýahat edip, 1879-njy ýylyň sentýabrynda gaýdyp geldi. Ol 1881-nji ýylda neşir edilen " Şazada we garyp" atly romanyny gyzlary Susi we Klara bagyşlady. 1885-nji ýylda, 50 ýaşyny bellän ýylynda neşir edilen * Heklberri Finniň başdan geçirmeleri* käbirleri tarapyndan amerikan edebiýatynyň ilkinji beýik eseri hasaplanýar. Bu kitapda ol ýene-de bir gezek betnebis we pitneçi oglanyň hekaýasyny gürrüň berdi. Gulçulygyň kanuny bolan döwründe başdan geçirilýän bu eser, gahrymanlaryň biri bolan Jim üçin "Negr" sözleminiň ulanylmagy ýaly sebäpler sebäpli wagtal-wagtal gadaganlyklara we üýtgetmelere duçar boldy. Esasy işleri. Jim Smaýli we bökýän gurbaga we beýleki hekaýalar (1867) Daşary ýurtdaky derejeler (1869) Tom Soýeriň başdan geçirmeleri (1876) Öldürmek, syr we nika (1876) Şazada we Garyp (1881) Kiçijik Şazada we Köçe Oglany / Şazada we Garyp / Ogurlanan Täç (1882) Missisipi derýasyndaky durmuş (1883) Heklberri Finniň başdan geçirmeleri (1884) Konnektikut Ýankisi Patyşa Arturyň köşgünde (1889) Ekwatoryň yzyndan (1897) Adam bilen How enäniň gündeligi (1904) Soňky ýyllar Ömriniň soňky ýyllarynda ol kolonializmi, jynsparazlygy, açgözlügi we dini ikiýüzlüligi berk tankyt edýän makalalar ýazdy. 1905-nji ýylda ol Ak Tamda Teodor Ruzweltiň beren agşamlyk naharynda ýetmiş ýaşyny belledi. 1907-nji ýylda Oksford uniwersiteti oňa hormatly doktorlyk derejesini berdi. 1909-njy ýylda onuň kiçi gyzy Žan 29 ýaşynda ýürek keselinden aradan çykdy. Mark Twen 1906-njy ýylda ýazyp başlan awtobiografiýasyny tamamlamanka, Twen ABŞ Redding, Konnektikut diýilýän ýerinde 1910-njy ýylyň 21-nji aprelinde( 74 ýaşynda) ýürek keselinden aradan çykdy. Tom Soýeriň başdan geçirmeleri " Mark Tweniň 1876-njy ýylda neşir edilen eseridir .Kitap Tom Soýeriň we onuň dosty Heklberri Finniň Missisipi derýasyndaky gyzykly. Awtoryň işi köp gezek filme uýgunlaşdyryldy. Ilkinji uýgunlaşdyrma 1907-nji ýylda surata düşürilen şol bir atly " Tom Soýer" (film) filmi boldy . Tom Soýer Mark Tweýniň " Tom Soýeriň başdan geçirmeleri " (1876) romanynyň baş gahrymanydyr. "Geklberri Finniň başdan geçirenleri" ( 1884), "Tom Soýeriň daşary ýurtlardaky başdan geçirmeleri " (1894) we "Tom Soýer, detektiw" (1894) romanlarynda , şeýle hem Mark Tweniň "Hek we Tom Soýer - hindililer" , "Tom Soýer - dildüwşük" we "Mekdep depesi" romanlarynda duş gelýän çeper gahryman, bu romanlaryň käbir baplary tamamlandy, ýöne doly tamamlanmady . Soýer betnebis we oýunjak çaga hökmünde suratlandyrylsa-da, aslynda ol aýdyň göz öňüne getirme ukybyna we güýçli ahlak gymmatlyklaryna eýe bolan gorkak oglan. Tom Soýer romanlarda Tom Soýeriň başdan geçirenleri: Roman Missuri ştatyndaky Missisipi derýasynyň kenarynda ulalan oglanjygyň Heklberri Finn we Jo Harper atly dostlary we onuň başdan geçirenleri, şol sanda gowakda azaşyp, deňiz garakçylary bilen bolan söweşleri barada gürrüň berýär. Geklberri Finniň başdan geçirmeleri : Tom Soýer iň gowy dosty, baş gahryman Geklberri Finn bilen Missisipi derýasynyň boýundaky başdan geçirmelerine gatnaşýar. Ÿ Tom Soýer daşary ýurtda: Tom, Hak we Jim Afrika howa şarlary bilen ýetýärler Arslanlar we piramidalar täze başdan geçirmeler çeşmesidir. Ÿ Tom Soýer, Detektiw: Tom we Hek syrly ganhorlugyň üstüni açmaga synanyşýarlar. Ÿ Hek we Tom Soýer - Ýerli amerikanlar: Tom we Hek ýerli amerikanlara baryp, olaryň arasynda ýaşamaga synanyşýarlar. Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Ogulbaýram Muhammedowa

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→