Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada president.kg saýtynda habar berilýär. Gepleşikleriň dowamynda döwlet baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini we türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň doganlyk we strategik häsiýete eýedigini bellediler. Duşuşykda söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, şeýle hem ulag-logistika gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Sadyr Žaparow gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine we iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→