Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Merkezi Aziýa döwletlerini we Azerbaýjany ulag ugurlaryndaky administratiw, infrastruktura we guramaçylyk päsgelçiliklerini has netijeli aradan aýyrmaga hem-de ýük daşamalaryny liberallaşdyrmaga çagyrdy. Ol bu barada Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň mejlisinde çykyşynda aýtdy. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär. Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, sebit üçin Hytaýy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen, Azerbaýjany bolsa Ýewropa döwletleri bilen birleşdirýän ygtybarly ulag ugurlary aýratyn ähmiýete eýedir. Ol ulag we üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň özara baglanyşyklylygy pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup galýandygyny belledi. «Häzirki wagtda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemlemäge we sebit hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläkki ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik bar» — diýip, Rahmon aýtdy. Ol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmegi, «ýaşyl» energetikany ösdürmegi we azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi, şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagy we häzirki zaman howplaryna bilelikde garşy durmagy görkezdi. Prezident sanly özgertmelere hem aýratyn üns berdi. Ol Duşenbede döredilýän sebit emeli aň merkeziniň ähmiýetini belläp, bu merkeziň sebit ýurtlarynyň innowasion mümkinçiliklerini birleşdirjekdigini we ykdysadyýetde hem-de durmuş ulgamynda emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrjakdygyny aýtdy. «Şeýle merkeziň Duşenbede döredilmegi biziň bu görnüşdäki hyzmatdaşlygymyzyň çäginde jebisligiň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasyna öwrüler» — diýip, Rahmon belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→