Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Azerbaýjana adaty haryt çalşygyndan birnäçe döwletleriň kärhanalarynyň bilelikde ahyrky önümi öndürýän durnukly önümçilik zynjyrlygyny döretmäge geçmegi teklip etdi. Özbek Lideri Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda Ykdysady hyzmatdaşlygyň 2035-nji ýyla çenli esasy ugurlaryny belläp geçdi. Halkara habarlar merkeziniň (HHM) habar berşi ýaly, Mirziýoýewiň sözlerine görä, özara hyzmatdaşlyk gatnaşyjy ýurtlaryň umumy geografiýasyna, söwda päsgelçilikleriniň yzygiderli aradan aýrylanlygyna we bilelikdäki iri taslamalaryň çykarylmagyna esaslanmalydyr. «Biz eýýäm adaty söwda hyzmatlarynyň ýeterlik bolmaýan pursatyna geldik. Bilelikde soňky önümi öndürmek gerek» diýip, ol nygtady. Onuň pikiriçe, bu çemeleşmäniň mazmunyny «alty ykdysadyýet — bir önüm» atly formula özünde jemleýär. Özbek Lideri dürli ýurtlaryň kärhanalarynyň bir zynjyrlyga gatnaşmagynyň ykdysadyýetleriň arasynda adaty haryt çalşygyndan has berk baglanyşyklary döredýändigini düşündirdi. Gaýtadan işlemegi we maýa goýum işjeňligini höweslendirmek üçin Mirziýoýew 2027-nji ýylda «Merkezi Aziýa — Azerbaýjan» ilkinji biznes-forumyny geçirmegi teklip etdi. Şeýle-de ol hünärmenleriň taýýarlygyny üpjün etjek we düşnükli maliýe gurallaryny hödürlejek bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny maliýe-tehniki taýdan goldajak platformany döretmäge çagyrdy. Prezident bu meseleleri giňişleýin seretmegi Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisde Söwda we maýa goýum ministrleriniň geňeşine tabşyrdy. Täze başlangyçlaryň sebitleýin hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagyna we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Azerbaýjanyň ykdysadyýetleriniň sinergiýasyny üpjün etmegine garaşylýar.