Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygyny häzirki 13 milliard amerikan dollarlyk möçberden 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi teklip etdi. Bu barada ol Awazada dowam edýän Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda aýtdy. Prezidentiň sözlerine görä, häzirki wagtda sebitdäki söwda sebitiň ýurtlarynyň umumy haryt dolanyşygynyň, takmynan, 8 göterimini tutýar diýip, HHM habar berýär. Gazagystanyň Prezidenti söwdanyň ösüşiniň esasy gurallarynyň biri hökmünde logistikany görkezdi. Bütindünýä Bankynyň çaklamalaryna görä, meýilleşdirilen ähli infrastruktura taslamalary amala aşyrylan ýagdaýynda, 2040-njy ýyla çenli Hazar deňzi arkaly ýükleriň daşalyşy dört esse artyp biler. Tokaýewiň sözlerine görä, muňa ýetmek üçin Hazarüsti halkara ulag ugryny we täze ugurlary, şol sanda Aral-Hazar awtomobil magistralyny ösdürmek gerek. Prezident suw we howa meselelerine barada hem aýratyn durup geçdi. Ol suwdan peýdalanmak boýunça Merkezi Aziýanyň çarçuwaly konwensiýasyny kabul etmegi we BMG-niň howandarlygynda Halkara suw guramasynyň döredilmegini goldamagy teklip etdi. Sanly ulgam babatda Tokaýew emeli aň boýunça Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we neýroulgamlary jogapkärçilikli peýdalanmak barada jarnamany taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi. Liderler sebit howpsuzlygy, ynsanperwer ulgam hem-de ýaşlaryň arasyndaky arabaglanyşygy pugtalandyrmak meselelerini hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezýärler. Hususan-da, Tokaýew 2027-nji ýylda «Merkezi Aziýa — haýyrly işleriň umumy mekany» diýen şygar astynda meýletinçi ýaşlaryň forumyny geçirmegi teklip etdi. Çykyşynyň soňunda ol sebit ýurtlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin ozal öňe sürlen başlangyçlaryň netije durmuşa geçirilişini ýokarlandyrmaga çagyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→