Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ýurduň Merkezi Aziýa döwletleri bilen haryt dolanyşygynyň 50 göterimden gowrak artandygyny mälim etdi. Bu barada ol Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda nygtady diýip, HHM habar berýär. I.Aliýewiň sözlerine görä, ýurduň bu formatyň doly hukukly agzasy bolmagy Bakuwyň sebitleýin hyzmatdaşlyga goşulyşmagynyň möhüm tapgyry boldy. Ol köptaraplaýyn özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ünsi çekdi: Azerbaýjanyň Gazagystan, Özbegistan we Gyrgyzystan bilen bilelikdäki maýa goýum gaznalary ýüzlerçe million amerikan dollaryna ýetdi. Duşuşyga gatnaşyjylar Hazarüsti Orta geçelgäniň we «Sanly Ýüpek ýoly» taslamasynyň ulag-logistika mümkinçiligini ösdürmegi işiň esasy ugurlary hökmünde görkezýärler. «Ýaşyl» energetika pudagyndaky başlangyçlary hem öz içine almak bilen, energiýa serişdeleriniň iberilişini giňeltmäge aýratyn üns berilýär.