Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana sapary başlandy. Täjigistanyň döwlet Baştutanynyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Howa menzilinde belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow mähirli garşylady diýip, Halkara habarlar merkezi (HHM) habar berýär. Dostlukly döwletiň Lideriniň saparynyň maksady Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Azerbaýjan» formatyndaky sammite, şeýle hem 9-njy oktýabrda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmakdan ybaratdyr. Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdaky sapary iki döwleti baglanyşdyrýan däp bolan dostluk, doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup, hem ikitaraplaýyn esasda, hem-de abraýly sebit we halkara düzümleriniň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-da ösdürmäge hyzmat eder diýlip, habarda bellenilýär.