Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde ol Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna, şeýle hem GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Sapar Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Bu barada barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär. Konsultatiw duşuşykda Liderler sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşarlar. Şeýle-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler. Mundan başga-da, saparyň maksatnamasynda Prezident Sadyr Žaparowyň beýleki ýurtlaryň Liderleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem göz öňünde tutulýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→