Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew «Merkezi Aziýa — Azerbaýjan» sammitine hem-de GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi diýip, Halkara habarlar merkezi (HHM) habar berýär. Azerbaýjan Lideriniň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Belent mertebeli myhman ol ýerden iki çäräniň hem geçiriljek ýeri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugraýar. Howa menzilinde Azerbaýjanyň döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow garşylady. GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 9-njy oktýabra meýilleşdirildi. Bellenilişi ýaly, bu sapar taraplaryň strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we sebit ýurtlarynyň arasyndaky köptaraply gepleşikleri giňeltmäge bolan ygrarlydygyny tassyklaýar.