Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ir bilen döwlet Baştutany Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugramak üçin Aşgabadyň Halkara howa menziline bardy. Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherine tarap ugrady. Biraz wagtdan döwlet Baştutany Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti mähirli garşylanyldy. Döwlet Baştutany hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→