Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHEHG) döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň 95-nji mejlisi geçirildi. Foruma Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň suw hojalygy edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem Toparyň ýerine ýetiriji edaralarynyň we bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär. Mejlise gatnaşyjylar geçen döwürde Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnlerinde suw serişdeleriniň ulanylyşynyň we suw howdanlarynyň işiniň jemlerini jemlediler. Sebitiň ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň sazlaşykly işi we yzygiderli hyzmatdaşlygy netijesinde, oba hojalyk ulgamyny we ekoulgamlary suw bilen üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilendigi bellenildi. Taraplar hakyky suw akymynyň gözegçiligi, Aralýaka çäklere sanitariýa-ekologiýa suw akymyny üpjün etmek, şeýle hem suw akymynyň tertibini kesgitlemek bilen bagly meselelere seretdiler. Mejlisde serhetýaka derýa akabalarynda döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we suw hasabatyny awtomatlaşdyrmak meselelerine hem aýratyn orun berildi. Çärä gatnaşyjylar «Amyderýa» we «Syrderýa» suw hojalyk birleşikleriniň gidropostlaryny ýokary takyklygy we aýdyňlygy üpjün edýän täze ölçeg enjamlary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berdiler. Toparyň mejlisinde Aral deňziniň çäklerindäki ekologik ýagdaýyň täsirini ýeňilleşdirmek meselelerine hem garaldy. Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň agzalary deltalara we Aralýaka suw howuzlaryna suw goýbermek boýunça bilelikdäki çäreleri, şeýle hem Aralyň gurap galan düýbündäki çägeleri berkitmek boýunça işleri utgaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň Ylmy-maglumat merkeziniň we Ýerine ýetiriji sekretariatynyň hasabat döwründäki işine hem seredildi. Suw hojalygy ulgamyny howanyň üýtgemegi we buzlaryň eremegi şertlerine uýgunlaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki ylmy barlaglary işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Mundan başga-da, 95-nji mejlisiň işiniň dowamynda Toparyň halkara guramalar we maliýe institutlary bilen özara hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çärä gatnaşyjylar Aral deňziniň basseýninde energiýa we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň çemeleşmelerini ylalaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→