Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahat geçirildi. Bu giň möçberli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär. Ählumumy özgertmeler döwründe demografik prosesler döwletleriň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup çykyş edýär. Ilat diňe bir ykdysady ösüşiň esasy çeşmesi we hereketlendiriji güýji bolup çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, adamyň durmuşynyň ýokary hilini, abadançylygyny we sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ähli özgertmeleriň ahyrky maksady hem bolup durýar. Häzirki wagtda dünýädäki demografik ýagdaýlar dürli-dürlüligi bilen tapawutlanýar. Dünýäniň käbir sebitleri ilatyň garramagy we zähmet serişdeleriniň okgunly azalmagy bilen ýüzbe-ýüz bolsa, beýleki sebitler durmuş infrastrukturasynyň yzygiderli giňeldilmegini, täze iş orunlarynyň döredilmegini we ekologiýa durnuklylygynyň üpjün edilmegini talap edýän demografik ösüşi başdan geçirýärler. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda gün tertibini durmuşa geçirmek bilen baglylykda, halkara jemgyýetçiligi demografik ýagdaýlary hasaba almaga köpugurly çemeleşmegiň zerurdygyna düşünýär. Uzak möhletli döwlet strategiýalary, bir tarapdan, ilatyň sanynyň, ýaş düzüminiň we ýerleşişiniň arasyndaky özara baglanyşyga esaslansa, beýleki tarapdan, ykdysady ösüşe, durmuş goraglylygyna, saglygy goraýyş we bilim hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmäge esaslanýar. Forumyň dowamynda demografik prosesleri dolandyrmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryna we olary uzak möhletli durmuş-ykdysady meýilnamalara ornaşdyrmagyň meselelerine aýratyn üns berildi. Ara alnyp maslahatlaşmalara halkara bilermenler, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler netijeli çözgütleriň ilatyň düzümini we esasy görkezijileri çuňňur seljerme işini talap edýändigini nygtadylar. Mejlisde ilat ýazuwynyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň maglumatlaryny döwlet dolandyryşynyň maglumat binýadyny döretmek üçin netijeli ulanmak meselelerine garaldy. Statistika edaralarynyň hünärmenleri hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň bilermenleri ilkinji maglumatlary ýygnamagyň we işlemegiň döwrebap sanly tehnologiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.