7-nji oktýabrda Türkmenistanda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde 2021–2030-njy ýyllar üçin GDA-nyň agza döwletleriniň syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2027–2028-nji ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti habar berýär. Täze iki ýyllyk resminama ýedi bölümden ybarat bolup, onda hukuk taýdan düzgünleşdirmegi kämilleşdirmek, statistiki hasaba alnyşy we syýahatçylyk hyzmatlarynyň hil standartlaryny ösdürmek, syýahatçylaryň we syýahatçylyk kärhanalarynyň howpsuzlyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem resminama syýahatçylary ýerleşdirmek üçin niýetlenen desgalary we degişli syýahatçylyk infrastrukturasyny ösdürmegi, ylmy taýdan üpjünçiligi kämilleşdirmegi, bilim ulgamyny we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Çäreleriň aýratyn bir bölümi çagalar, ýaşlar we durmuş syýahatçylygyny goldamaga, sebitara syýahatçylyk ugurlarynyň ulgamyny giňeltmäge, syýahatçylyk önümlerini ilerletmäge we pudak baradaky maglumat üpjünçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga bagyşlanýar. Resminama uzak möhletleýin taslamalary we maksatnamalary, şeýle hem dürli çäreleri we guramaçylyk-amaly işleri öz içine alýar.