2026-njy ýylyň fizika ugry boýunça Nobel baýragy belgiýaly alym Frensis Halsebe älemden gelýän ýokary energiýaly neýtrinony açandygy üçin gowşuryldy. Bu barada Stokgolm şäherindäki Şwed Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň Nobel geňeşi yglan etdi diýip, «DW» neşirine salgylanýan «Kazinform» agentligi habar berdi. Alyma baýrak «Ice Cube neýtrin obserwatoriýasyna goşant aýgytly goşandy hem-de astrofiziki gelip çykyşly ýokary energiýaly neýtrinony açandygy üçin» gowşuryldy. 2011-nji ýylda Antarktidada gurlan Ice Cube obserwatoriýasy buzuň kub kilometri görnüşinde bolmak bilen, yşyk datçikleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň kömegi arkaly alymlar uzak älemde ägirt köp möçberde energiýa bölünişiginde emele gelýän neýtrinonyň kindiwanja bölejiklerini synlaýarlar. 1901-nji ýyldan bäri fizika boýunça Nobel baýragy 120 gezek gowşuryldy, baýraga 230 alym, şol sanda bäş zenan mynasyp boldy. Baýragyň möçberi 12 million şwed kronuna (1,06 million ýewro) deňdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 16 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→