Tailanddaky sil joşmada heläk bolanlaryň sany 52 adama ýetdi, tebigy heläkçilik 3,2 million adamyň durmuşyna täsir etdi. Bu barada ýurduň Tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we netijelerini aradan aýyrmak edarasyna salgylanýan TASS agentligi habar berdi. Suw joşmalaryndan, esasan, merkezi we gündogar ülkeler ejir çekdi. Ol ýerlere ýurduň demirgazygyndaky çabgalar netijesinde beýikliklerden suwuň ägirt köp akymy aralaşdy. Tebigy betbagtçylyk 1 million hojalyga zeper ýetirdi. Häzirki wagtda sil joşgunlarynyň 27 ülkede dowam edýändigi bellenýär. Tailandyň Meteorologik edarasy 9-13-nji oktýabr aralygynda harasat duýduryşyny ýaýratdy, onda güýçli gaýlaryň, şemalyň we çabgalaryň boljakdygy bellenýär. Ýurduň Hökümet başlygy häkimiýetlerden ygalyň täze tolkunyna taýýarlanmagy talap etdi, gubernatorlardyr etrap ýolbaşçylaryna ýerlerde bolup, halas ediş işlerine gözegçilik etmek barada görkezme berildi.