Russiýaly synagçy-kosmonawt Nikolaý Tihonowyň sözlerine görä, planetanyň 90 göterime golaý ýaşaýjysy ýörite saglyk taýýarlygyny geçmezden, syýahatçy hökmünde äleme syýahaty amala aşyryp biler. Ol bu barada Indoneziýanyň Milli ylmy-barlaglar hem-de innowasiýalar agentligi bilen Russiýanyň «Rosatom» döwlet korporasiýasynyň guramagynda Jakartada geçen ylym festiwalynda «RIA Nowosti» habarlar gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Tihonow ýokary kosmos saglygyna eýe bolmagyň äleme uçmak babatda esasy talapdygy barada ýörgünli pikiri agzamak bilen: «Esasy zat akyl we fiziki taýdan sagat bolmagy zerurdyr» diýip nygtady. Nikolaý Tihonow kosmonawtlaryň toparyna 2006-njy ýylda kabul edildi, 2009-njy ýylda synagçy-kosmonawt derejesini aldy.