Emeli aňyň ösüşi, energiýa we azyk krizisi, gümrük paçlarynyň we goranyşa çykdajylaryň artdyrylmagy dünýä hümmetsizlenmesiniň ýokarlanmagyna alyp barýar. Bu barada Halkara Pul Gaznasynyň paýlaýjy-direktory Kristalina Georgiýewa beýanat berdi diýip, «Belta.by» ýazýar. Direktoryň aýtmagyna görä, şeýle hem häzirki günde dökün, azyk we senagat üçin esasy çig mallar gymmatlaýar, El-Nino tebigat hadysasy netijesinde döreýän ýaramaz howa şertleri bolsa, azyk howpsuzlygy üçin töwekgelçilikleri artdyrýar. Emma her niçigem bolsa, häzir bu sarsgynlaryň öňüni almak başardýar diýip, Georgiýewa sözüniň üstüni ýetirdi.