Braziliýanyň Baiýýa ştatynyň Salwador şäherinde maýmyna öýe girip, alkogolly içgi we dermanlary içdi hem-de dört adamy ýaralady diýip, «UOL» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär. Polisiýa işgärleri ýaşaýyş jaý toplumynda ýaşaýjylara hüjüm eden kapusin-maýmyny tutmak üçin tor halta hem-de gaýyş ellik peýdalandylar. Ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, öýleriň birinde maýmyn 70 göterim spirtli alkogolly içgi içdi hem-de dermanlary iýdi. Bu bolsa, onuň özüni alyp barşyna güýçli täsir eden bolmaly diýip, hünärmenler çaklaýarlar. Maýmyny ýagdaýyny barlamak üçin Ýabany haýwanlary seljeriş merkezine eltdiler, weterinarlar onuň güýçsüzdigini we ideg etmegiň gerekdigini aýtdylar. Polisiýanyň maglumatlaryna laýyklykda, maýmyndan üç ýaşaýjy hem-de toplumyň garawuly ejir çekipdir. Olary görkezme bermek we bolan wakany hasaba almak üçin polisiýa bölümine eltdiler. Ýaşaýjylar maýmynyň eýesidiginiň we gelip çykyş şahadatnamasynyň bardygyny, kanuny şertlerde saklanýandygyny aýdýarlar, emma wakanyň bolan wagty eýesi öýde bolmandyr diýlip, habarda bellenýär.