Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçiriler. Bu barada şu gün türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine iş saparynyň çäginde geçirilen maslahatyň barşynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň giňişleýin maglumatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurtda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň örän guramaçylykly geçirilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, watandaşlara täze jaýlaryň açarlaryny gowşurmak, şanly senäni giň gerim bilen dabaralandyrmak, saglyk merkezlerinde alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, keselleri anyklamak ugrunda zerur tagallalar edilmelidir. Şeýle hem lukman Arkadag Garaşsyzlyk ýyllarynyň möhüm şygarlarynyň birine öwrülen keseli bejereniňden onuň öňüni almagyň ähmiýeti barada aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň töwereginde miweli baglaryň ösdürilip ýetişdirilýändigini, mundan beýläk-de bagçylygyň çägini giňeltmek, miweli baglaryň görnüşlerini artdyrmak meselelerine zerur üns bermek babatda öwüt-nesihatlaryny berdi. Şunda bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän baglaryň ösdürilmegi, «Babarap» adyny alan almanyň ýokumlylygy ýerli seçgiçileriň köpýyllyk tejribesiniň aýdyň netijesidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→