Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň barşynda täze şäheriň Lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyk işleri, olaryň üpjünçiliginde ulanylýan önüm öndüriji enjamlar hem-de binalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler we önümçilik desgalaryň ýanaşyk ýerlerini bagy-bossanlyga öwürmek boýunça meýilleşdirilen işler barada maglumat berildi. Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň ozal beren maslahatlaryndan ugur alnyp, Arkadag şäheriniň sport toplumlarynda ýerine ýetirilen işler barada taýýarlanylan çyzgylar görkezildi. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen täze şäheriň özboluşly binagärlik aýratynlyklary ýokary ekologiýa derejesi we ýaşaýyş jaýlarynyň mümkinçilikleri, şäheriň yşyklandyryş ulgamy döwrüň ösen talaplaryna mahsus derejede bolmalydyr. Bu bolsa şäher ilatynyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bilen bagly meseleleriň oňyn çözgüdiniň baş şertini emele getirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belledi.