Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň barşynda täze şäheriň çäginde alnyp barylýan işleri ýokary derejede tamamlamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. D.Orazow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler, hususan-da bu ýerde durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiň we çagalar baglarynyň gurluşyklary, metjidiň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadag täze şäheriň çäginde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda bolşy ýaly, durmuş maksatly binalarda ýerleşdiriljek sanlylaşdyrylan enjamlaryň hiline, döwrebaplygyna, berkligine we uzakmöhletleýinligine zerur üns bermek babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, täze şäherde gurulýan daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiň okuw otaglaryny enjamlaşdyrmak, synp otaglarynyň reňklerini sazlaşykly etmek, multimedialaşdyrmak, bilim ojagynyň okuw-usulyýet işlerini kämilleşdirmek babatda dünýäniň ösen tejribesiniň öwrenilmelidigini, aýratyn-da bu ýerde okatmagyň täzeçil usullarynyň özleşdirilmelidigini belläp, şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň we bu ugurda ylmyň täze gazananlaryny ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→