Maňlaý-çekge demensiýasyndan ejir çekýän meşhur amerikan kinoaktýory Brýus Uillis heniz çagalaryny tanaýar. Bu barada maşgala golaý bolan çeşmä salgylanýan «Examiner» neşiri habar berdi. «Ol sport bilen meşgullanýar, gezim edýär hem-de gününi adatdakylary ýaly geçirýär, maşgalasy bilen yzygiderli görüşýär» diýip, neşire çeşme habar berdi. 74 ýaşly aktýor öz maşgalasyna goňşy öýde ýaşaýar, oňa gije-gündiz lukmançylyk gözegçiligi amala aşyrylýar. «Brýus öňküsi ýaly gürrüňleşip bilenok, emma çagalaryny tanaýar. Ol maşgalasynyň özüni gowy görýändigini oňat bilýär» diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi. 2023-nji ýylyň fewralynda «Berk hoşjagaz» filminiň ýyldyzynyň maşgalasy onuň maňlaý-çekge demensiýasynyň ýitileşendigini habar berdi. Bu kesel kem-kemden akyl ukyplarynyň ýitmegine getirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→