Ýaponianyň Nagoýa şäherinde XX tomusky Aziýa oýunlary tamamlandy. Bu oýunlarda Türkmenistanyň ýygyndy topary iki sany kümüş medal gazanyp, umumy medallar hasabynda 31-nji orny eýeledi. Ýatladyp geçsek, karateçi Dawut Nazmyradow 75 kg çenli agram derejesinde finalda eýranly Morteza Nematä ýeňilip (3:4), kümüş medala eýe boldy. Agyr atletikaçy Şahzadbek Matýakubow bolsa 110 kg çenli agramda iki görnüşiň jemlemesi boýunça 410 kg (siltäp götermekde 188 kg we itekläp götermekde 222 kg) netije görkezip, diňe oýunlaryň rekordyny goýan (423 kg) Tokio – 2020 Olimpiada çempiony, özbegistanly Akbar Juraýewden yza galyp, kümüş medaly eýeledi. Ýygyndy toparyň ýene birnäçe türgeni hormat münberine gaty ýakyn geldiler. Erkin göreşçi Zyýamuhammet Saparow (125 kg çenli) bürünç medal üçin tutluşykda gazagystanly Edyge Kasymbege utuldy (4:14). Onuň topardaşy Şatlyk Hemeläýew (97 kg çenli) bürünç medal üçin bäsleşikde 1:12 hasaby bilen ýaryşyň öý eýesi, ýaponiýaly Araş Ýoşida utulyp, jemleýji 5-nji orny eýeledi. Agyr atletikaçy Anamjan Rustamowa (86 kg çenli) 4-nji orny eýeledi. Karateçi Raýan Gurbanmyradow bolsa 60 kg çenli agram derejesinde çärýek finala çenli ýetmegi başardy. Grek-rim göreşi boýunça iki türgenimiz hem bäşinji orny eýeledi. 17 ýaşly Aslan Agadadaýew (130 kg çenli) çärýek finalda taýlandly Anuça Ýospanyny 9:0 hasabynda uly üstünlik bilen ýeňdi, ýarym finalda özbegistanly Rafael Sisuaşwiliden (0:8), bürünç medal üçin tutluşykda bolsa günorta koreýaly Kim Min-sokdan utuldy (2:7). Amanberdi Agamämmedow (97 kg çenli) çärýek finalda hindistanly Niteş Siwaçdan (1:7), bürünç medal üçin tutluşykda bolsa mongoliýaly Ganbaataryyn Ganhýagdan utuldy (5:9). Türkmenistanyň erkin göreş boýunça baş umydy bolan Alp Arslan Begenjowyň (86 kg çenli) çykyşyny hem bölekleyin bellemelidir. 20 ýaşynda ýaşlar arasynda 2024-nji ýylyň dünýä çempiony we 23 ýaşynda 2026-njy ýylyň Aziýa çempiony bolan türgenimiz ýaryşa hytaýly Hade Aýidusini ýeňip (5:1) başlady. Emma çärýek finalda 0:4 hasaby bilen mongoliýaly Suldhuu Olonbaýardan utulyp, medallar üçin göreşini tamamlady. Yglan edilmedik toparlaýyn hasaplaşykda birinji orny Hytaýyň ýygyndy topary eýeledi — 169 altyn, 89 kümüş we 83 bürünç medal (jemi 341 medal). Ikinji basgançaga Ýaponiýa (83 – 95 – 91, jemi 269 medal), üçünji basgançaga bolsa Koreýa Respublikasy (39 – 43 – 68, jemi 150 medal) ýerleşdi. Ilkinji onluga Hindistan, Özbegistan, Eýran, Taýland, Gazagystan, Gonkong we Bahreýn hem girdi. XX tomusky Aziýa oýunlary 19-njy sentýabr bilen 4-nji oktýabr aralygynda Nagoýada geçirildi. Oýunlara Aziýanyň 45 ýurdundan we çäklerinden gelen türgenler, şeýle hem bosgunlardan bolan türgenleriň topary — jemi 10,8 müň töweregi türgen gatnaşyp, sportuň 43 görnüşi boýunça baýraklary paýlaşdylar. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 57 adam wekillik etdi, olaryň 34-si türgen bolup, sportuň sekiz görnüşi — boks, sport göreşi, karate, kuraş göreşi, ýeňil atletika, ýüzmek, agyr atletika we uşu boýunça çykyş etdiler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→