Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, dostlukly döwletleriň we halklaryň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini arzuw edýändigini beýan etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.