Türkmenistanyň bäş ýaş sazandasy sentýabr aýynda Gruziýada geçirilen VIII halkara Sinandaly festiwalyna gatnaşdy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, festiwalda ýurdumyza Selbiniýaz Mulkamanowa (skripka), Seýran Atanyýazow (skripka), Aýlar Annamyradowa (wiolonçel), Döwran Gylyjow (trombon) we Ysmaýyl Sähetmyradow (kontrabas) wekilçilik etdiler. Festiwalyň ilkinji gününde bäsleşik görnüşindäki saýlama tapgyry geçirildi. Onuň netijesinde sazandalaryň Pan-Kawkaz ýaşlar orkestrindäki orunlary kesgitlenildi we olaryň okuw toparlaryna paýlanyşy geçirildi. Birnäçe hepdäniň dowamynda sazandalar saz gurallary boýunça ýokary depgindäki taýýarlyk okuwlaryny geçdiler, dünýäniň öňdebaryjy orkestrleriniň tejribeli sazandalary tarapyndan geçirilen şahsy we toparlaýyn sapaklara, ussatlyk okuwlaryna gatnaşdylar. Pan-Kawkaz ýaşlar orkestriniň esasy aýratynlyklarynyň biri — dürli ýurtlardan gelen gatnaşyjylaryň ilki dünýä derejesindäki ussat sazandalar bilen bilelikde taýýarlyk geçýändikleri, soňra bolsa sahnada ussat sazandalaryň bitewi simfoniki orkestri hökmünde çykyş edýändikleridir. Türkmenistanyň ýaş sazandalary baý sahna tejribesine eýe bolan dünýä derejesindäki hünärmenlerden tälim almaga mümkinçilik aldylar. Festiwalyň çäklerinde dünýä nusgawy sazynyň meşhur eserleri ýerine ýetirildi. Tanymal dirižýor Rafael Paýareniň ýolbaşçylygynda ilkinji skripkalaryň konsertmeýsteri hökmünde Selbiniýaz Mulkamanowanyň çykyşy aýratyn üstünlikli boldy. Sinandaly festiwaly — Gruziýanyň Kaheti sebitiniň Sinandaly obasynda ýerleşýän Sinandaly köşgünde her ýyl geçirilýän saz festiwalydyr. Sinandaly köşgi taryhy ýadygärlik we medeni merkez hökmünde tanalýar. Festiwal nusgawy saz, opera, balet we häzirki zaman sahna eserlerini öz içine alýan köptaraply maksatnamasy bilen giňden bellidir.