Türkmenistanyň wekilleri 1–2-nji oktýabrda Minsk şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň mugallymlarynyň we bilim işgärleriniň IX gurultaýyna gatnaşdylar. Gurultaýyň esasy temasy — häzirki zaman şertlerinde GDA agza döwletleriň bilim ulgamyndaky birleşme ýagdaýydyr. Foruma Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri hem gatnaşdylar. Gurultaýyň maksady — birleşme ýagdaýlaryny giňeltmek üçin şertleri döretmek, mugallymlaryň hünär taýdan ykjamlyk derejesini ýokarlandyrmak, bilim işlerine innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we mehanizmlerini işjeň gözlemek, bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň netijeli tejribelerini ýaýratmak, şeýle hem GDA agza döwletleriň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk we institusional binýadynyň kemala gelmegini üpjün etmek arkaly bilim ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Foruma gatnaşyjylaryň resmi açylyş dabarasy Belarusyň Milli kitaphanasynyň maslahatlar zalynda geçirildi. Foruma çenli kitaphananyň eýwanynda «Belarus Respublikasynyň okuwçylarynyň ylmy-tehniki gazananlary» atly sergi guraldy. Ilkinji gün wekiller Beýik Watançylyk urşunyň taryhynyň Belarus döwlet muzeýine we «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň bilim ulgamynyň tapawutlanan işgäri» döş nyşany bilen sylaglananlar üçin Garaşsyzlyk köşgüne baryp gördüler. Ikinji gün forum Milli bilim akademiýasynda dowam etdirildi. Bu ýerde «Mugallym», «Terbiýeçi» we «Psiholog/sosial mugallym» ugurlary boýunça tematik bölümler geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→