Ýaponiýanyň ilaty 2020-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli 2,5 göterim (3 million adamdan gowrak) azaldy. Bu barada ýurduň Dolandyryş we kommunikasiýalar işleri ministrligi tarapyndan çap edilen maglumatlara salgylanýan TASS habar berdi. Ýaponiýanyň ilaty ýurtda ýaşaýan daşary ýurtlulary hem goşmak bilen, 122 972 528 adama deň boldy, ýagny 5 ýylda 3 173 571 adam azaldy. Ýaponiýada ýaşy 65-den ýokary adamlaryň paýy 2025-nji ýylda tutuş ilatyň 29,4 göterimini düzdi. Çaklamalara görä, 2053-nji ýylda Ýaponiýanyň ilaty 100 million, 2065-nji ýyla çenli takmynan 90 million azalar. Olaryň 40 göterimini ýaşy 60-dan geçýän adamlar düzer diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→