Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri pagta süýümini we nah matany satyn aldylar. Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 641 million 167 müň manatdan gowrak bolan az kükürtli ýangyç mazudyny («Türkmennebit» döwlet konserni) we nah ýüplügi satyn aldylar.