Tutuş dünýäde geçen ýyl 6 million töweregi bosgun çagalar mekdeplere gatnamady. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň metbugat sekretary Stefan Dýužarrik hepdelik metbugat birifinginde žurnalistlere habar berdi diýip, «aa.com.tr» saýty ýazýar. Dýužarrigiň sözlerine görä, maliýeleşdirmegiň barha kemeldilmegi ýene millionlarça çaganyň bilim ulgamynyň daşynda galmak howpuny döredýär. Ol geçen ýyl bu görkezijiniň 13,1 million bosgun çaganyň 44 göterimine deňdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Baş sekretaryň metbugat sekretary ýokary bilim ulgamynda öňegidişligiň duýulýandygyny nygtady. Onuň sözlerine görä, 2025-nji ýylda ýokary bilim alýan bosgunlaryň sany rekord derejedäki 11 göterime, ýagny 450 müň adama ýetipdir. 2024-nji ýylda bu görkeziji 9 göterim bolupdy diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→