Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň tabşyrygy boýunça B. Annanow köçesiniň Arçabil şaýolundan N. Andalyp köçesine çenli aralygynda, şeýle hem N. Andalyp köçesiniň Köpetdag şaýolundan S. Türkmenbaşy şaýoluna çenli böleginde abatlaýyş we abadanlaşdyryş işlerini geçirmek boýunça tender bäsleşigini yglan etdi. Taslama tendere aýratyn №1 lot bilen girizildi. Gyzyklanýan taraplaryň arzalary we teklipleri 2026-njy ýylyň 16-njy noýabryna çenli Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Marketing we daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginde kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 84. Maglumatlar üçin telefon belgileri: 44-46-77, 44-46-64.