Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew Prezident Serdar Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň halkyny Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli gutlady. Bu barada TDH ýazýar. Sultan Raýew öz gutlagynda Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanyň syýasy-ykdysady we durmuş ulgamlarynda ägirt uly üstünlikleri gazanyp, halkara giňişlikde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýandygyny belleýär. Nygtalşy ýaly, bu döwür içinde TÜRKSOÝ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürildi. «Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlamak bilen, berk jan saglyk we abadançylyk, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin» diýip, Sultan Raýew öz gutlagyny jemleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→