Bu barada Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Petra Dahtler 3-nji oktýabrda Aşgabatda German bitewüliginiň güni mynasybetli geçirilen kabul edişlikde eden çykyşynda habar berdi Diplomatyň getiren maglumatlaryna görä, Türkmenistanda 63 müň adam nemes dilini öwrenýär. Sapaklar ýurdun ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem «DIL» dil merkezinde geçirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanda nemes dilini çuňlaşdyryp öwrenmegi hödürleýän «PASCH» ulgamynyň iki mekdebi işleýär. Talyplar German akademik çalşyk gullugynyň («DAAD») talyp haklaryny alyp bilerler. Şeýle hem ýokary okuw mekdepler bilen birnäçe hyzmatdaşlyk maksatnamalary amala aşyrylýar. Ilçi iki ýurduň arasyndaky 35 ýyllyk diplomatik gatnaşyklaryň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň pugtalanandygyny belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→