Özbek ýazyjysy Hamyt Ysmaýylow edebiýat ugry boýunça Nobel baýragyna mümkin bolan dalaşgärleriň sanawyna girdi. Bu barada «uza.uz» internet neşiri habar berdi. Hamyt Ysmaýylow özbek we rus dillerinde ýazýar. Onuň eserleri iňlis, türk, nemes we fransuz dillerine terjime edildi. 2019-njy ýylda «The Devils Dance» romany üçin Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝÖTB) edebiýat baýragyna mynasyp boldy. Şahyr, ýazyjy we žurnalist Hamyt Ysmaýylow 1954-nji ýylda Gyrgyzystanyň Tokmak şäherinde doguldy. Daşkent döwlet uniwersitetiniň biologiýa, hukuk we menejmençilik bölümlerini tamamlady. Ol 1992-nji ýyldan bäri Londonda ýaşaýar. 2006-njy ýylda «Demir ýol» romany iňlis diline terjime edildi. Goşgulary nemes dilinde çap edildi. Şu ýylyň Nobel baýragynyň ýeňijileri Stokgolmda 8-nji oktýabrda yglan ediler. Ýeňiji 12 million şwed kronuny (1,2 mln amerikan dollar) alar. Baýraklar 10-njy dekabrda gowşurylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→