Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 26-njy sentýabr — 1-nji oktýabr aralygynda Abu-Dabide geçirilen Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça BMG-niň 15-nji kongresine gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýokary derejeli bölümde çykyş edip, kongresi gurandyklary üçin BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligine (UNODC) we emirlik tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de milli syýasatyň kanunyň hökmürowanlygyna we jenaýatçylygyň öňüni almagyň ileri tutulmagyna esaslanýandygyny belledi. Baş prokuraturanyň adam söwdasyna we korrupsiýa garşy göreş hem-de jenaýat işleri boýunça halkara hukuk kömegi babatda merkezi ygtyýarly edaradygy nygtaldy. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan adam söwdasyna we korrupsiýa garşy göreşmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Milli hereket meýilnamalary barada maglumat berildi. Wekiliýetiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga we korrupsiýa garşy BMG-niň konwensiýalaryna ygrarlydygyny tassyklady hem-de UNODC, GlobE ulgamy we Ýewraziýa topary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy belledi. Kongresiň esasy netijesi geljekki bäş ýyl üçin bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän Abu-Dabi Jarnamasynyň kabul edilmegi boldy. Resminama guramaçylykly jenaýatçylyga we kiberjenaýatçylyga garşy göreşi, emeli aňyň jogapkärli ulanylmagyny, ejir çekenleriň goralmagyny, emläkleriň yzyna gaýtarylmagyny we korrupsiýa garşy göreşi öz içine alýar. Jarnamany durmuşa geçirmek üçin «Pledge4Justice» başlangyjy ýola goýuldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→