Türkmenistanly talyplar Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadada baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi. Ozal habar berşimiz ýaly, 27-nji sentýabr — 2-nji oktýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherindäki Sibir federal uniwersitetiniň binýadynda Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi. Dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden 700 töweregi okuwçy we talyp gatnaşan bu bäsleşigiň esasy temasy maliýe howpsuzlygy ulgamynda emeli aňy ulanmak we munuň bilen baglanyşykly töwekgelçilikler bilen bagly boldy. Olimpiada Türkmenistanyň 7 ýokary okuw mekdebinden 10 sany talyp gatnaşdy. Olar halkara gatnaşyklar, hukuk, ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy ugurlary boýunça bäsleşdiler. Türkmen talyplarynyň 2-si olimpiadanyň ýeňijisi bolmagy başardy. Ýene 6 sany türkmenistanly talyp bolsa baýrakly orna mynasyp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→