Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri Wasile Tofan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bu barada TDH habar berýär. «35 ýyl mundan ozal Türkmenistan öz şöhratly taryhynda täze sahypany açdy. Şunuň bilen birlikde, türkmen döwletliliginiň we siwilizasiýasynyň kökleri asyrlaryň jümmüşine, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän hem-de Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän topraklara uzap gidýär. Garaşsyzlyk türkmen halkyna öz geljegini özbaşdak kesgitlemäge, nesilden-nesle geçirilip gelinýän däp-dessurlaryny we gymmatlyklaryny gorap saklamaga mümkinçilik berdi. Garagum sährasynyň uç-gyraksyz gözelliklerinden başlap, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerine we türkmen halyçylyk sungatyna çenli Türkmenistanyň nyşanlary dünýäde tanalýar. Häzirki zaman taryhynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy öz milli aýratynlygynyň möhüm bölegine hem-de döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we dialogy pugtalandyrmakda goşandyna öwürdi. Munuň özi dünýäniň iň özboluşly paýtagtlarynyň biri we häzirki Türkmenistanyň aýdyň nyşany bolan ak mermerli Aşgabatda hem duýulýar. Maňa bu ajaýyp şäheri öz gözüm bilen görmegiň hem-de türkmen halkynyň meşhur myhmansöýerligini duýmagyň miýesser etjekdigine umyt edýärin» diýlip, Moldowanyň Premýer-ministriniň gutlagynda bellenilýär. Wasile Tofan gutlagynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, Garaşsyzlyk gününiň Türkmenistanyň her bir raýaty üçin uly buýsanç çeşmesi bolmagyny, geljekki ýyllar bolsa ýurda parahatçylyk, abadançylyk we täze üstünlikleri getirmekligi baradaky arzuwlaryny beýan etdi. «Men Siziň bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Duşuşygymyzyň dowamynda diňe bir ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar barada däl-de, eýsem, biziň halklarymyzy özboluşly edýän taryh we däp-dessurlar hakynda hem pikir alyşmaga mümkinçilik boljakdygyna umyt edýärin. Ara daşdygyna garamazdan, öz taryhyna, medeniýetine hem-de garaşsyzlygyna buýsanýan döwletler hökmünde Moldowany we Türkmenistany köp zatlaryň baglanyşdyrýandygyna ynanýaryn» diýip, Moldowanyň Premýer-ministri gutlagynyň ahyrynda nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→